― 23 марта 2026 г.
TÜRKSOÝ ýaşlar duşuşyklary: “Ýaş metbugat işgärleriniň Ankara maksatnamasy” üstünlikli tamamlandy
2026-njy ýylyň 17–21-nji mart aralygynda Türki medeniýetiniň halkara guramasy TÜRKSOÝ bilen Gazagystanyň Al-Farabi adyndaky Gazak milli uniwersitetiniň hyzmatdaşlygynda guralan “Ýaş metbugat işgärleriniň duşuşygy” Ankara şäherinde geçirildi.
TÜRKSOÝ-yň “Ýaşlar duşuşyklary” taslamasynyň çäklerinde amala aşyrylan bu çäre türki dünýäsiniň ýaşlaryny metbugat, aragatnaşyk we medeni diplomatiýa ugurlarynda bir ýere jemlän möhüm platforma boldy. Maksatnamanyň dowamynda Gazagystandan gelen žurnalistika fakultetiniň talyplary we mugallymlary Ankara şäherindäki öňdebaryjy mediýa guramalaryna hem-de döwlet edaralaryna baryp, ýerinde tanyşlyk geçirdiler.
Metbugat we döwlet edaralaryna saparlar
Gazagystanly wekiliýet Anadolu Ajansi (AA), TRT, TRT AWAZ, TİKA we Daşary ýurtlarda ýaşaýan türkler we garyndaş halklar bileleşigi (DÝTB) ýaly strategiki ähmiýetli edaralarda geçirilen ýygnaklara we maglumat beriş çykyşlaryna gatnaşdy. Sapar wagtynda bu edaralaryň iş tertibi, habar taýýarlanyş tapgyrlary, halkara ýaýlym işleri hem-de medeni diplomatiýa taslamalary barada giňişleýin maglumatlar berildi.
Şeýle hem wekiliýet TÜRKSOÝ-yň Baş sekretarlygyna baryp, guramanyň türki dünýäsiniň medeni bitewiligini üpjün etmek ugrunda alyp barýan işleri bilen tanyşdylar.
Maksatnamanyň çäklerinde Ankara şhäerinde ýerleşýän uniwersitetleriň aragatnaşyk fakultetleri bilen hem gatnaşyklar ýola goýuldy. Ýaş metbugatçylar guralan paneller we “tegelek stol” duşuşyklary arkaly Türkiýedäki metbugat bilimi we akademiki gurşaw bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik aldylar.
Gatnaşyjylar maksatnamanyň dowamynda gazanan tejribelerini habarlar, interwýular we gysga wideo mazmunlary taýýarlamak arkaly amaly netijelere öwürdiler. Bu ýagdaý ýaşlaryň hünär taýdan ösüşine goşant goşmak bilen bir hatarda, türki dünýäsinde umumy mediýa diliniň döredilmegine tarap möhüm ädim boldy.
Türkiýe bilen Gazagystanyň arasynda metbugat ulgamyndaky hyzmatdaşlygy berkitmäge hyzmat eden bu duşuşyk ýaşlaryň arasynda durnukly dostluk köprüleriniň gurulmagyna şert döretdi. Türki dünýäsiniň ýaşlarynyň umumy medeni gymmatlyklarynyň töwereginde jebisleşmegi we bu gymmatlyklary halkara giňişlikde görkezmek ukyby has-da pugtalandy.
Ankara şäherindäki maksatnamany tamamlap, ýurtlaryna dolanan ýaş metbugatçylar bu döwrüň diňe bir tejribe okuwy bolman, eýsem ýatdan çykmajak doganlyk tejribesi bolandygyny bellediler.