― 27 марта 2026 г.
TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Sultan Raýew STRATCOM-da möhüm garaýyşlaryny beýan etdi
Türki medeniýetiniň halkara guramasy TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Sultan Raýew, Halkara strategiki aragatnaşyk sammitine (STRATCOM) gatnaşmak üçin gelen Stambul şäherinde Anadolu agentligine we TRT teleýaýlymyna möhüm garaýyşlaryny beýan etdi.
Raýew STRATCOM-a dördünji gezek gatnaşýandygyny belläp, forumyň Türki dünýäsinde umumy habar dili we media syýasatlarynyň ara alnyp maslahatlaşylýan iň möhüm platformalaryň biridigini nygtady. Türki dünýäsindäki ykdysady we medeni baglanyşyklaryň günsaýyn güýçlenýändigine ünsi çekip, bu işleriň metbugat ulgamynda hem goldanylmalydygyny belledi.
Raýew: “Medeni we ykdysady baglanyşyklarymyz güýçli ösüş döwrüni başdan geçirýär. Emma bu baglanyşyklary has-da berkitmek üçin umumy metbugat dilini döretmek diýen ýaly zerurlyk bolup durýar” diýip belledi.
Türkiýäniň türki dünýäsindäki ornuna hem deginen Raýew, Türkiýäniň bu giňişlikde birleşdiriji rol oýnaýandygyny aýdyp, metbugat we aragatnaşyk syýasatlarynda umumy düşünjäniň ösdürilmeginiň möhümdigini nygtady.
Soňky ýyllarda dünýäniň has kyn döwürden geçýändigini bellän Raýew, uruşlaryň we krizisleriň köpelýän döwründe parahatçylygy goramagyň örän möhüm bolup durýandygyny aýtdy. STRATCOM-yň şu ýylky esasy mowzuklarynyň biri hem parahatçylykdygyny belläp, bu platformanyň diňe bir türki dünýäsine däl, eýsem dünýä derejesinde hem möhüm ähmiýete eýedigini aýtdy.
TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary hökmünde Türkiýäniň halkara giňişligindäki roluna hem baha beren Raýew, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň alyp barýan parahatçylykly syýasatlarynyň dünýä derejesinde seslenme tapýandygyny belledi. Şeýle hem Türkiýäniň Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasyndaky gatnaşyklarda, Pakistan bilen Hindistanyň arasyndaky ýagdaýda we Siriýa meselesinde oýnaýan rolunyň ýurduň halkara täsirini açyk görkezýändigini belledi.
“TÜRKSOÝ bu türki dünýäsiniň ruhy köprüsidir”
Teleýaýlyma beren maglumatynda gatnaşan ylmy amaly maslahaty barada hem pikirlerini paýlaşan Raýew çykyşynyň medeni diplomatiýa bagyşlanandygyny belledi. TÜRKSOÝ-yň 1993-nji ýylda döredilen ilkinji umumy türki dünýäsi guramasydygyny ýatladyp, bu guramanyň döredilen gününden bäri medeniýet arkaly halklary ýakynlaşdyrmak wezipesini ýerine ýetirýändigini nygtady.
Raýew: “TÜRKSOÝ häzirki wagtda türki dünýäsiniň ruhy köprüsidir. Medeniýet arkaly halklarymyzyň biri-birini has gowy tanamagyna mümkinçilik döredip, parahatçylyga goşant goşýar” diýip belläp geçdi.
Raýew türki medeniýetiniň dünýä ösüşiniň taryhyndaky ornuna hem deginip, türkleriň döreden medeniýetleriniň adamzat taryhynda möhüm orun eýeleýändigini nygtady.
“Türki dünýäsi ilki bilen medeniýet arkaly birleşdi”
Türki döwletleri guramasynyň dörediliş işleri barada hem pikirlerini paýlaşan Raýew, Türki dünýäsiniň ilkinji nobatda medeniýet arkaly birleşendigini belledi. Şol ugurda döredilen ilkinji halkara gurluşyň TÜRKSOÝ bolandygyny belläp, soňra 2009-njy ýylda Türki döwletleri guramasynyň döredilendigini ýatlatdy.
Raýew bu guramanyň syýasy, ykdysady we daşary syýasat ugurlarynda umumy düşünjäniň ösdürilmegine ýardam berendigini we agza ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň berkemegine uly goşant goşandygyny belledi.
Ýakyn wagtda Gazagystanyň Türküstan şäherinde geçiriljek duşuşyga hem deginen Raýew, şeýle duşuşyklarda türki dünýäsiniň umumy habarlarynyň şekillenýändigini we halkara jemgyýetçiligine ýetirilýändigini belledi.
“Nädogry maglumat urşunyň bir görnüşidir”
Nädogry maglumatlar meselesine hem aýratyn üns beren Raýew häzirki wagtda diňe ýaragly çaknyşyklaryň däl, eýsem maglumat we propaganda urşlarynyň hem täsirli bolýandygyny nygtady.
Raýew mundan başga-da öz sözlerinde: “Häzirki wagtda ýalan we ýoýulan maglumatlar bilen göreşmek örän kyn. Şonuň üçin biz bilelikde hereket etmeli we şol birlikden döreýän güýç arkaly dünýä derejesinde öz ornymyzy görkezmelidiris” diýip belläp geçdi.
TRT we Anadolu agentligi ýaly guramalaryň ygtybarly habar çeşmeleri hökmünde möhüm rol oýnaýandygyny nygtap, dogry maglumatlara elýeterliligiň esasy adam hukuklarynyň biridigini nygtady.