― 26 марта 2026 г.
Türki dünýäsiniň akyldary Ziýa Gökalp, doglan gününiň 150 ýyllygy mynasybetli Ankara şäherinde ýatlanyldy
TÜRKSOÝ tarapyndan 2026-njy ýylda yglan edilen “Doglan gününiň 150 ýyllygynda Ziýa Gökalpy ýatlama ýyly” çäreleriniň çäginde Türki taryh guramasynyň Syhhiýe toplumynda ylmy amaly maslahat geçirildi.
Türki taryh guramasy we TÜRKSOÝ-yň hyzmatdaşlygynda guralan “Doglan gününiň 150 ýyllygynda Ziýa Gökalp ylmy amaly maslahat” atly çärä türki dünýäsiniň dürli künjeklerinden gelen alymlar, talyplar we medeniýete gyzyklanýanlar uly gyzyklanma bildirdiler.
Ýüksel Özgen: “Ziýa Gökalp milletimiziň pikir ugruna ýol görkezýän öňdebaryjysydyr”
Ylmy amaly maslahatyň açylyş çykyşyny eden Türki taryh guramasynyň başlygy Ýüksel Özgen Ziýa Gökalpyň diňe bir pikir adamy bolman, eýsem milli göreşiň akyl taýdan binýadyny döreden, Respublika barýan ýolda pikirleri bilen ugur görkezen öňdebaryjy alym bolandygyny nygtady. Özgen çykyşynda şeýle belledi:
“Geçen hepdelerde hut şu zalda Garaşsyzlyk gimnimiziň kabul edilmegi mynasybetli çäre geçirip, Mehmet Akif Ersoýy ýatlapdyk. Bu gün bolsa Ziýa Gökalpy tanamak we düşünmek üçin bir ýere ýygnandyk. Bu yzygiderli geçirilýän ýatlama çäreleri diňe bir senenama işi däl, eýsem milletimiziň pikir ugruna täsir eden bu beýik şahsyýetleri çuňňur öwrenmegiň netijesidir. Akifden Ziýa Gökalpa çenli uzap gidýän pikir zynjyry milletimiziň taryhyny hem-de pikir ugruny kesgitleýän güýçli ruhy akymy aňladýar.”
Özgen şeýle hem 2026-njy ýylyň TÜRKSOÝ-yň hemişelik geňeşiniň karary bilen “Türki dünýäsinde Ziýa Gökalp ýyly” diýip yglan edilendigini ýatladyp, bu kararyň alymyň halkara derejesindäki ähmiýetiniň aýdyň subutnamasydygyny aýtdy. Şeýle hem çäräniň dowamynda Ziýa Gökalpyň baş eseri bolan “Türki medeniýeti taryhy” kitabynyň täze neşiriniň okyjylara hödürlenendigini buşlady.
Saýit Ýusuf: “Ziýa Gökalpy tanyşdyran wagtymyzda dowamynda hem öwreneris”
TÜRKSOÝ-yň Baş sekretarynyň orunbasary Saýit Ýusuf bolsa çykyşynda gurama hökmünde Ziýa Gökalpyň pikirlerini diňe Türkiýede däl, eýsem ähli türki dünýäsinde giňden tanatmagy maksat edinýändiklerini aýtdy:
“Ziýa Gökalpler dünýäniň ähli ýerlerinde tanadylmalydyr. Biz ony tanadyp barşymyzda hem özümiz hem çuňňur öwreneris, öwrendigimizçe hem has-da ýakynlaşarys. Biz birek-biregi ýeterlik tanamaýandygymyz üçin gymmatlyklarymyzy hem doly bilmeýäris. Şonuň üçin Ziýa Gökalpyň doglan gününiň 150 ýyllygyny pursat edip, ony Türkiýede we ähli türki dünýäsinde tanatjak maksatnamalary durmuşa geçirýäris.”
Ýusup şu ýylyň dowamynda Diýarbakyr, Selanik, Baku, Daşkent, Bişkek we Almaty ýaly şäherlerde hem Gökalp temaly çäreleriň geçiriljekdigini aýtdy. Şeýle hem 8-nji aprelde Türki dil guramasynda, maý aýynda bolsa Diýarbakyrda Dijle uniwersitetinde uly göwrümli çäreleriň guraljakdygyny habar berdi.
Ylmy amaly maslahatyň mejlis başlygy bolup çykyş eden prof. dr. Ýunus Koçuň ýolbaşçylygynda maksatnamada Ziýa Gökalpyň pikir dünýäsi dört dürli ugur boýunça ara alnyp maslahatlaşyldy.
Prof. dr. Ramazan Erhan Güllü “Türkiýe Respublikasynda Ziýa Gökalpyň pikir täsiri” atly çykyşynda Gökalpyň milletçilik düşünjesiniň dünýäde şoňa meňzeş nazarýetlerden has öň emele gelendigini aýtdy. Ol Gökalpyň millet düşünjesiniň döwrüň öňdebaryjy intellektuallaryna eden täsirini mysallar arkaly düşündirip: “Gökalp etniki gelip çykyşy şahsyýet hökmünde kabul etmeýär. Onuň pikiriçe ol atlarda bolýar, millet bolsa dil, medeniýet we bile ýaşamak erkine esaslanýan giň düşünjedir” diýip belledi.
Prof. dr. Ýunus Koç bolsa “Ziýa Gökalpa görä Yslam hukugy we däp-dessur” atly çykyşynda Gökalpyň din bilen jemgyýetiň arasyndaky gatnaşyklara degişli garaýyşlaryny düşündirdi. Ol Gökalpyň däbi jemgyýetiň wyždany hökmünde düşündirendigini belläp bu barada: “Gökalp dine degişli esaslaryň üýtgemejekdigini, emma jemgyýetiň zerurlyklaryna görä däp-dessurlaryň dinamiki çeşme bolup hyzmat edýändigini öňe sürýär. Onuň pikiriçe hukuk däbe laýyk gelmese üýtgedilýär; kanun hukugyň eýesi däl-de hyzmatkäridir” diýip belledi.
Ankara uniwersitetinden dosent Berdi Saryýew bolsa Gökalpyň “Türkleşmek, yslamlashmak, döwrebaplaşmak” atly eseriniň türkmen diline terjimesi baradaky seljermesinde bu eseriň Türkmenistanda hem uly gyzyklanma döredendigini aýtdy. Ol Gökalpyň pikirleriniň ähli türki döwletlerinde umumy medeni binýady emele getirýändigini nygtady.
Ylmy amaly maslahatyň soňky çykyşyny eden Hoja Ahmet Ýasawy adyndaky Halkara Türk-Gazak uniwersitetinden dosent Ýedil Tulegenow “Ziýa Gökalpyň pikirlerinde umumy türki medeniýeti we ruhy birlik” atly çykyşynda Gökalpyň medeniýet bilen özgerme arasyndaky tapawudynyň häzirki döwürde hem ähmiýetini saklaýandygyny aýtdy. Tulegenow: “Gökalp medeniýeti bir milletiň taryhyň dowamynda döredýän ruhy gymmatlyklarynyň jemidir diýip kesgitleýär. Bu düşünje dürli ýerlerde ýaşaýan türki halklarynyň umumy medeni ýatkeşlige eýedigini görkezýär” diýip belledi.
Ylmy amaly maslahatda çykyş edenlere minnetdarlyk şahadatnamalarynyň gowşurylmagy we toparlaýyn surata düşüş dabarasy bilen tamamlandy.