― 27 марта 2026 г.
STRATCOM 2026-da Sultan Raýew: Medeni ýakynlyk lider diplomatiýasynyň esasy bolup durýar
Halkara strategiki aragatnaşyk sammiti (STRATCOM) 2026-nyň çäginde geçirilen “Araçylyk işlerinde aktorlar we lider diplomatiýasy” atly ylmy amaly maslahatda çykyş eden TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Sultan Raýew, türki döwletleriniň arasyndaky lider diplomatiýasynyň umumy medeniýetden, dilden we taryhdan güýç alýandygyny nygtady.
Stambul şäherinde Türkiýäniň Prezidentiniň aragatnaşyk boýunça başlygy tarapyndan guralan sammitdäki ylmy amaly maslahat Milli gözleg akademiýasynyň (MİA) başlygy, professor doktor Talha Köse alyp bardy. Maslahatda Raýew bilen bir hatarda Beýik Britaniýanyň Lordlar palatasynyň agzasy Baronessa Fiona Hodgson we Müsür Senatynyň agzasy Rania Sedky hem çykyş etdiler.
Biz diňe goňşy döwletler däl-de, eýsem doganlyk gatnaşyklaryna esaslanýan jemgyýetlerdiris
Raýew türki dünýäsiniň aýratyn bir geografiki giňişlikdigini belläp: “Biz diňe goňşy döwletler däl-de, eýsem doganlyk gatnaşyklaryna esaslanýan jemgyýetlerdiris. Biz birmeňzeş ýatlamany, dili we taryhy paýlaşýarys. Şonuň üçin liderler gepleşende, jemgyýetler hem biri-birine düşünýär” diýdi. Medeni ýakynlygyň ynam döredýändigini, işleri tizleşdirýändigini we dartgynlylygy peseldýändigini belläp geçip, türki döwletleriniň arasynda lider diplomatiýasynyň hut şu esasdan güýç alýandygyny nygtady.
Doganylygyň diplomatiýa täsiri
Raýew Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň türki halklaryna bolan oňyn garaýşyny mysal hökmünde görkezdi we Hataý sebitindäki ýer titremesinde zyýan çekenleriň Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň çakylygy bilen Özbegistanda kabul edilmegini aýratyn nygtady. “Bu diňe bir diplomatik karar däl. Eýsem bu doganylygyň diplomatiýada ýüze çykmagydyr” diýen sözler bilen beýän eden Raýew munuň medeni baglanyşyklaryň anyk mysalydygyny belledi.
Görünmeýän köprüler liderleriň iň güýçli daýanjydyr
TÜRKSOÝ-nyň türki halklaryny ýakynlaşdyrýandygyny belläp geçen Sultan Raýew öz sözlerinde: “Biz görünmeýän köpri gurýarys. Şol köpri bolsa kyn döwürlerde liderleriň iň güýçli daýanjyna öwrülýär” diýip belledi. Medeni baglanyşyklaryň guramaçylyk taýdan hem goldanylmalydygyny aýdyp, şeýle bolanda krizisleriň has aňsat çözülýändigini we köplenç ulalmazdan öň öňüniň alynýandygyny belledi.
Türki döwletleri guramasy (TDG) sebit we halkara derejede strategiki ähmiýete eýe bolan subýekt hökmünde çykyş edýär
Öň Türki döwletleri guramasynyň (TDG) Baş sekretarynyň orunbasary wezipesinde hem işlän Raýew häzirki wagtda bu guramanyň sebitdäki durnuklylyk üçin strategiki subýekt bolup hyzmat edýändigini nygtady. Guramanyň umumy taryh, medeniýet we şahsyýet esasynda gurlandygyny belläp, agza ýurtlaryň arasynda dialogy dowamly saklamagyň, bilelikde hereket etmek ukybyny ösdürmegiň we medeni baglanyşyklary güýçlendirmegiň möhümdigini nygtady.
Raýew umumy elipbiý meselesine hem deginip: “Umumy elipbiý maksat däl, eýsem aragatnaşyk serişdesidir. Häzirki wagtda türki dünýäsi üçin iň uly güýç umumy elipbiýden öň umumy düşünjedir” diýip belledi.
Strategiki aragatnaşyk diplomatiýanyň merkezinde
Sözleriniň ahyrynda strategiki aragatnaşygyň diplomatiýanyň merkezine öwrülendigini nygtap, STRATCOM sammitiniň gysga wagtda dünýä derejesinde abraýly duşuşyk meýdançasyna öwrülendigini belledi. Şeýle hem Raýew Prezidentiň aragatnaşyk boýunça başlygyna we onuň ýolbaşçysy professor doktor Burhanettin Durana minnetdarlyk bildirdi.