― 24 марта 2026 г.
TÜRKSOÝ bilen Demirgazyk Makedoniýanyň medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň arasynda hyzmatdaşlyk teswirnamasyna gol çekildi
Türki medeniýetiniň halkara guramasy TÜRKSOÝ bilen Demirgazyk Makedoniýa Respublikasynyň medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň arasynda hyzmatdaşlyk teswirnamasyna TÜRKSOÝ-yň Baş sekretarlygynda geçirilen dabarada gol çekildi.
Dabara Demirgazyk Makedoniýanyň medeniýet we syýahatçylyk ministri Zoran Lýutkow, TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Sultan Raýew, Demirgazyk Makedoniýanyň Ankara şäherindäki Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hem-de köp sanly myhmanlar gatnaşdy.
Dabarada çykyş eden TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary Sultan Raýew gol çekilen özara düşünişmek baradaky resminamanyň diňe iki guramanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk teswirnamasy bolman, eýsem halklaryň arasynda medeni ýakynlaşmagy güýçlendirmek, medeni mirasy gorap saklamagy goldamak hem-de sungat döredijiligini höweslendirmek maksady bilen ädilen möhüm ädimdigini nygtady.
Raýew Demirgazyk Makedoniýanyň köp dilli, köp dinli we köp medeniýetli gurluşy bilen Balkan sebitinde bile ýaşamak medeniýetiniň iň güýçli nusgalarynyň birini emele getirýändigini belläp, “Dürli şahsyýetleriň özara hormat we düşünişmek esasynda bile ýaşamagy diňe bir sebit däl, eýsem dünýä derejesinde hem üns bilen öwrenilmeli gymmatly tejribedir” diýip belledi.
Baş sekretar Raýew Demirgazyk Makedoniýada ýaşaýan türki jemgyýetiniň taryhy we medeni mirasy bilen türki dünýäsiniň aýrylmaz bölegidigini hem-de dürli medeniýetleriň arasynda köpri wezipesini ýerine ýetirýändigini aýtdy.
Demirgazyk Makedoniýanyň medeniýet we syýahatçylyk ministri Zoran Lýutkow bolsa öz çykyşynda iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlyk arkaly has-da pugtalandyrylýandygyny belledi. Lýutkow gol çekilen teswirnamanyň halklaryň biri-birini has ýakyndan tanamagyna, medeni mirasyň goralmagyna hem-de sungat işgärleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň giňelmegine goşant goşjakdygyny nygtady.
Teswirnama laýyklykda medeniýet, sungat, edebiýat, sahna sungaty, muzeý we kitaphana işleri hem-de medeni miras ugurlarynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, sungat işgärleriniň we hünärmenleriň alyş-çalyş maksatnamalaryny guramak hem-de maglumat alyş-çalşygy mehanizmlerini döretmek göz öňünde tutulýar.
Dabara teswirnama gol çekilenden soňra sowgatlaryň gowşurylmagy we ýadygärlik surata düşüş dabarasy bilen tamamlandy.