― 18 июля 2025 г.
Türki Dünýäsiniň kino ýolbaşçylarynyň 2-nji duşuşygy Stambul şäherinde geçirildi
Türki Medeniýetiň Halkara Guramasy – TÜRKSOÝ tarapyndan gurnalan Türki Dünýäsiniň Kino Ýolbaşçylarynyň 2-nji Duşuşygy 2025-nji ýylyň 18-nji iýulynda Stambul şäherinde ýerleşýän Feriýe sebitinde, Türkiýäniň iň uly ssenariýa işläp düzmek we bilelikdäki önümçilik platformasy bolan TRT 12 Punto çäreleri bilen bir hatarda geçirildi. Duşuşyga Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Türkmenistan we Türkiýeden kino pudagynda jogapkär wezipelerde işleýän ýokary derejeli wekiller gatnaşdylar.
Bu duşuşyk, TÜRKSOÝ-yň Hemişelik Geňeşiniň 40-njy mejlisinde kabul edilen kararlara laýyklykda geçirildi. Kino çäreleriniň medeni mirasy gorap saklamakda we ony geljekki nesillere ýetirmekdäki möhüm ornuny görkezmek hem-de bu ugurdaky hyzmatdaşlygy resmi taýdan ýola goýmak maksady bilen gurnaldy. Bu gurşawda mundan ozal Özbegistanyň paýtagty Daşkentde geçirilen ilkinji duşuşykda, kino ugrundaky hyzmatdaşlygy ösdürmek we utgaşykly hereketi üpjün etmek üçin TÜRKFİLM – Türki Dünýäsiniň Kino Ýolbaşçylary Bileleşigini döretmek kararyna gelnipdi.
Stambul şäherinde geçirilen bu ikinji duşuşyk, anyk ädimleri kesgitlemek we bilelikde iş meýilnamasyny düzmek maksady bilen gurnaldy.
Duşuşygyň açylyş çykyşynda TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Sultan Raýew şeýle sözler bilen başlady:
"Biz şu gün diňe bir duşuşyk üçin däl, eýsem bilelikdäki ýatlamalary, bilelikdäki medeniýeti we bilelikdäki geljegi gurmak üçin şu ýerde toplandyk. Sebäbi biz, geçmişi çuňňur, kökleri güýçli bir medeniýetiň mirasdüşerleridiris. Bu beýik mirasy häzirki zaman dünýäsinde iň güýçli daşaýjylaryň biri hem – şübhesiz – kino pudagydyr.
Kino ýolbaşçylary hökmünde ikinji gezek duşuşmagymyz, bu başlangyjyň resmi taýdan ýola goýulýandygyny görkezýär. Indi bu duşuşyklardan anyk netijeler, durnukly gurluşlar we täsirli hyzmatdaşlyklar çykmagyna garaşýarys. Gün tertibimizdäki bilelikdäki önümçilikler, festiwal hyzmatdaşlyklary we kino gaznasy ýaly mowzuklaryň diňe teklip hökmünde däl-de, durmuşa geçirilip boljak taslamalara öwrülmegi bu duşuşyklaryň iň gymmatly netijesi bolar.”
Duşuşyga gatnaşan wekiller:
Azerbaýjandan: Gurban Primow – Azerbaýjan Kinosynyň Baş Müdiriň orunbasary;
Gazagystandan: Jumagali Kurmanbek – Gazagystan Milli Kino Goldaw Merkeziniň Geňeşiniň Başlygy; Aýnur Düssenowa – Gazagystan Milli Kino Goldaw Merkezi; Aset Ýernazarow – “Kazakhfilm” Kinostudiýasynyň ýerine ýetiriji direktory;
Gyrgyzystandan: Ulan Adamaliýew – Gyrgyzystan Kinosynyň Baş Müdiri;
Özbegistandan: Şuhratulla Ryzajew – Özbegistan Respublikasynyň Kinomatografiýa Müdürliginiň başlygy; Bekhzod Kadirow – Halkara gatnaşyklar bölüminiň başlygy;
Türkmenistandan: Sahysalyh Baýramow – “Oguzhan” Türkmenfilm birleşiginiň başlygynyň orunbasary; Annageldi Atanazarow – Türkmenistanyň Telewideniýe, Radio we Kinomatografiýa Döwlet Gullugynyň Halkara gatnaşyklar bölümi;
Türkiýeden: Birol Güwen – Türkiýe Respublikasy Kino Müdürliginiň Başlygy; Faruk Güwen – TRT Kino müdiri; Sultan Raýev – TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary; Salim Ezer – TÜRKSOÝ-yň Kino ugry boýunça ýörite wekili.
Duşuşykda, Türki Dünýäsiniň Kino Gaznasyny döretmek boýunça iş toparyny döretmek, döwletara bilelikdäki önümçilik taslamalary, milli kino festiwallary, Gorkut Ata Türki Dünýäsiniň Kino Festiwaly we resmi gurluşlaýyn meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Kino ýolbaşçylarynyň arasynda pikir alyşmalar bolup geçdi we möhüm kararlar kabul edildi.
Duşuşykda gol çekişmezden ozal gatnaşyjylar TRT 12 Punto çäreleriniň üstünlikli geçmegini arzuw etdiler. Olar bu çäre üçin TÜRKSOÝ guramasyna minnetdarlyk bildirdiler, şeýle hem TRT Baş müdürligine myhmansöýerligi üçin sag bolsun aýtdylar.
Duşuşygyň ahyrynda kabul edilen kararlar bilen birlikde taýýarlanan Türki Dünýäsiniň Kino Ýolbaşçylary 2-nji Duşuşygynyň Jemleýji Beýannamasy gatnaşyjy ýurtlaryň wekilleri tarapyndan gol çekildi.
Şeýle-de, duşuşykdan soňra wekiller “Türki Dünýäsiniň Kinosynda Pursatlar – Bilelikdäki Öndürijilik Mümkinçilikleri” atly panele gatnaşyp, bu ugurda geljegiň mümkinçilikleri hakda pikir alyşdylar.
Geljekki duşuşygyň bolsa, 2025-nji ýylyň Türki Dünýäsiniň Medeni Paýtagty Aktau şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýär.