― 25 марта 2026 г.
Ziýa Gökalpyň ýatlama ýylynyň açylyş dabarasy Ankara şäherinde geçirildi
Türk pikir durmuşynyň nyşanly şahsyýetlerinden biri bolan Ziýa Gökalp, doglan gününiň 150-nji ýyllygy mynasybetli Ankara şekillendiriş we heýkeller muzeýinde geçirilen dabaraly çäre bilen bellenildi.
Türkiýe Respublikasy medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň teklibi bilen, 2024-nji ýylyň 16-njy noýabrynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda geçirilen TÜRKSOÝ-yň hemişelik geňeşiniň 41-nji nobatdaky ýygnagynda, TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň biragyzdan ses bermegi bilen 2026-njy ýyl “Doglan gününiň 150 ýyllygynda Ziýa Gökalpy ýatlama ýyly” diýlip kabul edildi. Türki medeniýetiniň halkara guramasy TÜRKSOÝ tarapyndan gurnalan “Doglan gününiň 150 ýyllygynda Ziýa Gökalpy ýatlama ýyly” atly açylyş dabarasy Respublikanyň pikir esaslarynyň goýlan ýeri bolan Türki Ojagy sahnasynda geçirildi.
Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý: “Bu karar, Türki dünýäsiniň bilelikdäki aňynyň göze görünýän alamatydyr”
Dabarada çykyş eden Türkiýe Respublikasynyň medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý, Ziýa Gökalpy diňe bir ýatlama çäresiniň çäginden çykyp, global derejedäki wakalara garşy türki döwletleriniň agzybirlik we hyzmatdaşlyk ruhuny işjeňlige öwürýän iň güýçli erk beýanydygyny nygtady.
Ministr Ersoý, TÜRKSOÝ-yň türki döwletlerini umumy bir mesege jemleýän gurama bolandygyny aýdyp, aşakdaky sözleri belledi:
“2024-nji ýylyň 16-njy noýabrynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde geçirilen TÜRKSOÝ-yň hemişelik geňeşiniň 41-nji nobatdaky ýygnagynda ministrligimiziň teklibi bilen 2026-njy ýylyň “Ziýa Gökalpy ýatlama ýyly” diýlip yglan edilmegi biragyzdan kabul edildi. Bu karar, Türki dünýäsiniň umumy aňynyň, umumy ýadynyň we bilelikdäki geljege bolan ykjam erkiniň göze görünýän alamatydyr.”
Ministr Ersoy mundan başga-da, Ziýa Gökalpyň medeniýetözgerişiň tapawudynyň häzirki wagtda türki döwletleriniň öz özboluşlylygyny gorap, häzirki zaman dünýäsinde barlyk ugrundaky gözlegine ugrukdyryjy esasly gollanma bolup durýandygyny nygtady. TÜRKSOÝ-yň bu gözýetimiň guramaçylyk durmuşynda iň göze görünýän şöhlelendirişidigini sözlerine goşdy.
TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Sultan Raýew: “Ziýa Gökalp, türki şahsyýetiniň häzirki zaman manysynda gurulmagynda iň uly paýyň eýesidir”
TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary Sultan Raýew hem öz çykyşynda Ziýa Gökalpy türki paýhas taryhynyň polýus ýyldyzlaryndan biri diýip häsiýetlendirdi. Raýew mundan başga-da 2026-njy ýylyň Türki dünýäsinde “Ziýa Gökalpy ýatlama ýyly” diýlip yglan edilmegiň diňe bir minnetdarlyk borjy däl-de, eýsem umumy medeniýet mirasyna eýe çykyp durmagyň erkiniň bir beýanydygyny aýtdy.
Raýew bu barada aşakdaky sözler bilen dowam etdi:
“Ziýa Gökalp, türki şahsyýetiniň döwrebap manyda gurluşynda, Ysmaýyl Gaspralyýa degişli “Dilde, pikirde, işde birlik” şygarynyň pikir esasynyň goýulmagy we gögerip başlamagy meselesinde iň uly paý eýeleriniň biridir. Häzirki wagtda TÜRKSOÝ hökmünde geçirýän çärelerimizde, türki birligi nusgasynyň şol berk zemininde henizem onuň pikirleriniň yzlaryny görýäris.”
TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary, dabarada goşant goşan Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, Türkiýeden we Türkmenistandan gelen alymlara minnetdarlyk bildirip: “Siziň hödürlejek her bir maglumatyňyz, Türki dünýäsiniň intellektual köprüsi bolan Ziýa Gökalpyň hatyrasyny has-da güýçlendirer” diýip belledi.
Türki ojaklarynyňb Prof. Dr. Mehmet Öz: “Ziýa Gökalp bir oýlanma adamy bolşy ýaly bir terbiýeçidir”
Türki ojaklarynyň başlygy Prof. Dr. Mehmet Öz, Ziýa Gökalpyň diňe bir pikir adamy däl, eýsem hereket adamy hem bolandygyny nygtady. Mehmet Öz sözlerinde Gökalpyň milletçiligini asla ynsanýeti kemsidiji pikirleri bilen bir hatarda goşmaýandygyny nygtap, aşakdaky sözleri belledi:
“Ziýa Gökalpyň milletçiligi doly medeniýete esaslanýar. Şol umumy medeniýeti paýlaşýan, şol bir pikirleri paýlaşýan we şol bir geljegi göz öňüne getirýän adamlar jemgyýetine millet diýýär. Ziýa Gökalp bir terbiýeçi we ýol görkezijidir; Maltada sürgünde bolan döwlet adamlaryna sapak berdi we olaryň pikir dünýäsine ugrukdyryjy bolup täsir etdi.”
Prof. Dr. Öz mundan başga-da, häzirki wagtda türki döwletleriniň arasynda barha güýçlenýän agzybirligiň Ziýa Gökalpyň “Turan” pikirine laýyklykda ädilýän ädimler bilen göze görnüp başlandygyny aýtdy.
Atatürk medeniýet, dil we taryh ýokary guramasynyň başlygy Prof. Dr. Derýa Örs: “Eserler Türki dünýäsiniň dillerine terjime edilýär”
Atatürk medeniýet, dil we taryh ýokary guramasynyň başlygy Prof. Dr. Derýa Örs, guramanyň düzümindäki Türki dil guramasy tarapyndan Ziýa Gökalpyň türkleşmek, yslamlaşmak, döwrebaplaşmak atly möhüm eseriniň gazakça, gyrgyzça, türkmençe, azerbaýjan türkçesinde we özbekçede neşir edilendigini habar berdi. Örs mundan başga-da “Bu eserleriň Türki dünýäsiniň umumy dilinde duşuşmagy, Gökalpyň dilde birlik pikirlerine edilen güýçli goşantdyr” diýdi.
Milletçi hereket partiýasynyň başlygynyň orunbasary Prof. Dr. Ilýas Topsakal: “Dil bu milletiň geljege galdyrýan mirasydyr”
Milletçi hereket partiýasynyň başlygynyň orunbasary Prof. Dr. Ilýas Topsakal öz çykyşynda Ziýa Gökalpyň dil we taryh düşünjesiniň ähmiýeti barada gürrüň berdi. Topsakal: “Bir milletiň geçmişinde, mirasynda iň möhüm zat dilidir. Dil diýen zat siziň ýadyňyzdyr, geljege galdyrýan mirasyňyzdyr. Ziýa Gökalpyň iň köp duran meseleleriniň biri hem budur” diýen sözleri ulandy. Şeýle hem milli bilim maksatnamalarynda Gökalpyň dil we millet düşünjesiniň yzlarynyň görünýändigini aýtdy.
AK partiýanyň başlygynyň orunbasary Prof. Dr. Kürşad Zorlu: “Turan düşünjesi häzir Türki döwletleriniň guramasynda ýaşaýar”
AK partiýanyň başlygynyň orunbasary Prof. Dr. Kürşad Zorlu, Ziýa Gökalpyň üç esasy aýratynlygyna denip aşakdaky sözleri belledi: Gadym döwlet düşünjesi, medeniýet-siwilizasiýa tapawudy we Türki dünýäsine sowgat eden Gyzyl Alma, Turan düşünjenjeleri barada Zorlu aşakdaky sözler bilen beýan etdi:
“Häzirki wagtda Azerbaýjan, Gazagystan, Türkmenistan we beýleki ähli türki döwletleri, öz şahsyýetleri bilen garaşsyz döwlet boldular we Türki döwletleri guramasynyň üstünde bir ýere jemlenipdir. Bu bolsa Ziýa Gökalpyň ‘uzak maksat’ diýip kesgitleýän Turan düşünjesiniň häzirki zamanda ýüze çykmagydyr. Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda bu ugurda arkaýyn ädimler bilen öňe barýarys.”
Zorlu şeýle hem Prezident R.T. Ärdoganyň teklibi bilen ÝUNESKO-nyň kararyna laýyklykda “Bütindünýä Türki dili maşgala güni” yglan edilmeginiň Gökalpyň dilde birlik düşünjesiniň halkara derejedäki şöhlelendirişidigini nygtady.
Çäräniň ikinji bölümi: “Ziýa Gökalp we Türki şahsyýeti” ylmy dabara
Açylyş çykyşlaryndan sora maksatnama, Ankara döwlet klasiki türki aýdym-saz horunyň konsertiniň berilmegi bilen dowam etdi. Dabaralar “Ziýa Gökalp we türki şahsyýeti” atly bilim dabara bilen dowam etdi.
Dabaraly çäräni alyp baryjylygy Prof. Dr. Mehmet Öz ýerine ýetirdi. Meerim Saidilkanowa, Özbegistan döwlet diller uniwersitetinden Dos. Dr. Tohir Kahhor, Prof. Dr. Seýfettin Erşahin we Dos. Dr. Aýşegül Dogrujan, Ziýa Gökalpyň pikir dünýäsini dürli nukdaýnazardan seljerme berdiler.
Taryhy toprakda manyly duşuşyk
Arhif Hikmet Koýunoglu tarapyndan dizaýn edilen we Respublikanyň gurluşçysy Gazi Mustafa Kemal Atatürküň ýakyn gyzyklanmagynda galan Ankara şekillendiriş we heýkeller muzeýinde geçirilen dabarada, Ziýa Gökalpyň durmuşy we pikir dünýäsi hakda TRT Awaz önümi bolan “Yzlar: Ziyýa Gökalp” atly dokumental filmiň görkezilişi hem edildi.
Dabara TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Sultan Raýew, Türki ojaklarynyň başlygy Prof. Dr. Mehmet Öz we TÜRKSOÝ-yň Başsekretarynyň orunbasary Saýit Ýusuf gatnaşyjylara minnetdarlyk hatlaryny gowşurmak bilen tamamlandy.
2026-njy ýylyň dowamynda Ziýa Gökalpyň doglan gününiň 150 ýyllygy mynasybetli Türki dünýäsiniň dürli döwletlerinde dürli çäreler guralar.