― 14 марта 2026 г.
TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Sultan Raýewiň Prof. Dr. İlber Ortaýlynyň aradan çykmagy sebäpli ýazan gynanç haty
Türki dünýäsiniň beýik alymy, umumy taryhymyzyň we medeniýetimiziň iň möhüm ýol görkezijileriniň biri bolan Prof. Dr. İlber Ortaýlynyň aradan çykandygyny çuňňur gynanç bilen habaryny aldym.
İlber halypa diňe bir Türkiýäniň däl, eýsem tutuş Türki dünýäsiniň geçmişine ýagtylyk saçan, çäksiz bilimi bilen ýurt çäklerinden hem daşary uly hormata mynasyp bolan aýratyn alymdy. Onuň ýazan eserleri hem-de terbiýeläp ýetişdiren nesilleri arkaly Türk medeni mirasyna goşan hyzmatlary hiç wagt unudylmaz. Onuň aramyzdan gitmegi ähli Türki halklary hem-de ylym dünýäsi üçin uly ýitgidir.
Bu agyr ýitgi mynasybetli, gadyrly halypamyza Alladan rehmet; maşgalasyna, şägirtlerine hem-de ähli ylym jemgyýetçiligine çuňňur gynanç bildirýärin. Ýatan ýeri ýagty, mekany jennet bolsun.
Sultan RAÝEW
TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary