110000016320375
25 октября 2025 г.

TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Sultan Raýewiň Gazagystanyň Respublika güni mynasybetli gutlag ýüzlenmesi

25 октября 2025 г.

TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Sultan Raýewiň Gazagystanyň Respublika güni mynasybetli gutlag ýüzlenmesi

Hormatly Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň şahsy bilen ähli gazagystanly doganlarymy Gazagystanyň Respublika güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

1990-njy ýylyň 25-nji oktýabry diňe bir gazak halkynyň öz ykbalyny özi kesgitlemek islegini yglan eden güni bolman, eýsem gadymy Türki ülkelerinde milli garaşsyzlyk düşünjesiniň täzeden dirilmeginiň nyşanydyr.

Bu manyly gün, gazak halkynyň döwletliligi ýolundaky berk maksatlary bilen taryh ýazmak baradaky tutanýerliliginiň iň aýdyň subutnamasydyr.

Gazagystan garaşsyzlygyny yglan eden ilkinji gününden başlap, öňdengörüjilikli syýasaty, durnukly ösüş ugruny we parahatçylykly daşary syýasaty bilen diňe bir sebitde däl, eýsem bütin dünýäde belent abraýa eýe boldy.

Gazagystan şu gün halkara meýdanynda durnuklylygyň adasy hem-de ösüşiň nusgasy hökmünde öňe çykýar.

Türk dünýasiniň aýrylmaz bölegi we güýçli wekili bolan Gazagystan, şeýle hem TÜRKSOÝ-yň esaslandyryjy agzalarynyň biri hökmünde doganlyk halklaryň arasynda medeni we ruhy gatnaşyklaryň pugtalanylmagyna goşan çäksiz goşandy bilen hemişe minnetdarlyk bilen ýatlanylýar.

Şu mynasybet bilen Gazagystana abadanlyk, durnukly ösüş we rowaçlyk arzuw edýärin.

Ähli gazagystanly doganlaryma saglyk, bagt we parahatçylyk dileýärin.

Gazagystanyň altyn geljegi, Türki dünýasiniň umumy ösüş ýoluna hemişe ýol görkeziji şam bolar!

 

Ýaşasyn Gazagystan!

Türki dünýäsi müdimi bolsun!

 

 

Sultan RAÝEW

TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary

Media galereýasy

110000016320375

© 2022 TÜRKSOY - Ähli hukuklar goraglydyr