a4c79fec-be48-40cc-9a64-1e412357d3e0.JPG
14 февраля 2025 г.

TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Sultan Raýew TR-nyň Daşary işler ministriniň orunbasary A. Berris Ekinji bilen duşuşdy

14 февраля 2025 г.

TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Sultan Raýew TR-nyň Daşary işler ministriniň orunbasary A. Berris Ekinji bilen duşuşdy

 

TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Sultan Raýew 2025-nji ýylyň 13-nji fewralynda Ankarada Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary, Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçi  A. Berris Ekinji bilen duşuşdy.

Ministriň orunbasary Ekinji öz sözlerinde TÜRKSOÝ tarapyndan ençeme ýyl bäri amala aşyrylan üstünlikli taslamalara ýakyndan gözegçilik edýändigini belledi we dogan türki jemgyýetleriniň arasyndaky bar bolan gatnaşyklary berkitmekde Guramanyň ähmiýetine aýratyn ünsi çekdi. Baş sekretar Sultan Raýew, TR-nyň Daşary işler ministrliginde Türki Hyzmatdaşlyk Guramalary we Türki Döwletleri üçin jogapkär ministriň orunbasary hökmünde jenap Ekinji bilen işleşmegiň aýratyn täsirlidigini beýan etdi we dogan Türki döwletleriniň arasynda agzybirligi hem-de raýdaşlygy berkitmek babatynda hoşallygyny bildirdi.

Duşuşykda durmuşa geçirilen hyzmatdaşlygyň gurallarynyň dürli taraplary ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar Sekretarlygyň täze başlangyçlary, esasan hem TÜRKSOÝ-yň öňdebaryjy halkara guramalary we üçünji ýurtlar bilen gatnaşyklary dogrusynda pikir alyşdylar. Mundan başga-da, guramanyň jemgyýetçilik gurluşyny güýçlendirmek barada ylalaşyk gazanyldy.

Mundan başga-da 2025-nji ýylda Türki dünýäsiniň medeni paýtagty Aktaunyň resmi açylyş dabarasy we ýylyň dowamynda Aktauda geçiriljek halkara çäreleri barada maglumatlar alyşyldy.

Baş sekretar Sultan Raýew bilen bilelikde TÜRKSOÝ-yň Baş sekretarynyň orunbasary Saýit Ýusuf we Protokol müdüri Fatih Aliyi hem duşuşyga gatnaşdylar. 

Media galereýasy

a4c79fec-be48-40cc-9a64-1e412357d3e0.JPG
a4c79fec-be48-40cc-9a64-1e412357d3e0 2.JPG

© 2022 TÜRKSOY - Ähli hukuklar goraglydyr