WhatsApp Image 2025-06-20 at 17.54.09 (1)
20 июня 2025 г.

TÜRKSOÝ Prof. Dr. Nizami Jaferowy Türki medeniýetine bolan deňsiz-taýsyz goşantlary üçin sylaglandyrdy

20 июня 2025 г.

TÜRKSOÝ Prof. Dr. Nizami Jaferowy Türki medeniýetine bolan deňsiz-taýsyz goşantlary üçin sylaglandyrdy

Türki dünýäsiniň umumy medeni mirasyny ýaşatmagy we geljek nesillere ýetirmegi maksat edinen Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ), bu beýik wezipe ugrunda aýratyn tapawutlanan alymlaryň biri bolan Prof. Dr. Nizami Jaferowy türkologiýa we türki medeniýetini ugrundaky bitiren ölçegsiz hyzmatlary üçin dabaraly çäre esasynda sylaglandyrdy.

TÜRKSOÝ-yň Baş sekretarlygynyň guramaçylygyndaky bu ajaýyp dabara TEKAR Gaznasy, ILESAM (Ylym we Edebiýat eser eýeleri birleşiginiň) wekilleri, alymlar, ýazyjylar we medeniýet ilçileri gatnaşdy.

Türki Dünýäsiniň Dana Alymy: Nizami Jaferow

TÜRKSOÝ-yň baş sekretarynyň orunbasary Saýit Ýusuf öz çykyşynyň başynda Baş sekretar Sultan Raýewiň adyndan salamlaşyk ýüzlenmesi bilen başlap, Prof. Dr. Jaferowyň türk dili we medeniýeti ugrunda geçen ömrüni şeýle beýan etdi:

"Hormatly Jaferow diňe bir akademik däl, eýsem türki dünýäsiniň umumy ýadyny içgin-içgin  dokan bir dana alymdyr. Ol 34 eseri bilen türkologlara ýol görkeziji, ýaş barlagçylara bolsa ylham çeşmesi bolup hyzmat edýändir. Bu gün şeýle beýik şahsyýeti sylaglamak bize buýsanç berýär."

Orunbasar Saýit Ýusuf çykyşyny aşakdaky sözler dowam etdi:

"Edebiýatdan dil bilimine, taryhdan syýasata çenli uzap gidýän giň we çuňňur bilim hazynasy bilen Nizami Jaferow, türk şahsyýetiniň düýplerini suwarýan seýrek şahsyýetleriň biridir. Bu manyly günde gowşurýan sylaglarymyz onuň eden hyzmatlaryna diňe ujypsyz bir garşylyk bolup biler. Onuň türki dünýäsiniň kalbyndaky orny bolsa hiç haçan ölçelip bilinmejek gymmatdyr" sözleri bilen Saýit Ýusuf, Prof. Dr. Nizami Jaferowyň türkologiya ylmy ugrunda bitiren hyzmatlarynyň ornunyň dolup bolmajak derejede ýokarydygyny mälim etdi. 

TEKAR Gaznasynyň başlygy Prof. Dr. Jemaleddin Taşkyran, Atatürkiň "Dil bir köprüdür, taryh bir köprüdür" sözlerini ýatlap, Jaferowyň bu köprüleri berkiden seýrek şahsyýetleriň biri bolandygyny belledi:

"Ol diňe kitaplary bilen däl, eýsem şahsy durky bilen hem türki dünýäsiniň aksakalydyr. Bu gün biz bu beýik alyma minnetdarlygymyzy bildirýär wagtymyzda, türki medeniýetiniň geljegi üçin umytlarymyzy hem täzeläp geçýäris."

ILESAM-nyň başlygy Mehmet Nuri Parmaksyz bolsa, "Hünär sylaga mynasypdyr" diýen şygar astynda öz sözlerine başlady we çykyşynyň dowamynda Jaferowyň eserleriniň türki edebiýatynda öçmejek yz galdyrandygyny ýatladyp aşakdaky sözleri beýan etdi:

"Nizami halypa ýazgylary bilen serhetleri geçen bir medeniýet ilçisidir. Bu gün oňa gowşurýan sylaglarymyz — bir minnet borjunyň kiçijik bir nyşanydyr."

"Bu sylag meniň däl, türki dünýäsiniň sylagydyr"

Sylaglaryny kabul etmek üçin münbere çykan Prof. Dr. Nizami Jaferow ýürekleri duýgylandyrýan çykyşynda şeýle sözler diýdi:

"Bu gün men bu ýerde, türki medeniýetine hyzmat eden bir adam hökmünde däl-de, bu medeniýetden öwrenen, şoňa minnetdar bolan bir şägirt hökmünde durýaryn. Bu hormat hatlary, plaketler we şahadatnamalar maňa degişli bolman, eýsem türki dünýäsiniň umumy mirasyna degişlidir. TÜRKSOÝ-a, TEKAR gaznasyna we ILESAM-a bu manyly gün üçin minnetdarlygymy bildirýärin."

Jaferow aýratynlykda özüniň kämilleşmegine goşant goşan halypalaryna we kärdeşlerine minnetdarlygyny beýan edip, bir ady aýratyn belläp geçdi:

"Bu gün bu ýerde bolmagymda gatnaşanlaryň hemmesine minnetdarlyk bildirýärin, emma bir ady aýratyn agzap geçesim gelýär: Sadyk Tural halypam. Ol meniň üçin diňe bir halypa bolmak bilen çäklenmän, eýsem türki dünýäsiniň agzybirligi ugrunda eden tagallalary bilen hemmämize nusga bolan bir ustatdyr. Eger onuň ýol görkezijiligi bolmadyk bolsa, belki bu ýola beýle uzak aralyk geçip bilmezdim."

Türki Dünýäsiniň Geljegi bilen baglanşykly umytlar

Çykyşynyň ahyrynda Jaferow türki döwletleriniň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygyň möhümdigini belläp, ýaşlara ýüzlenip şeýle diýdi:

"Bizler, Atatürkiň sözlerinde beýan edişi ýaly “Ruhy köprüleri” berk saklamaga borçludyrys. Bu günki gün TÜRKSOÝ-yň çatysynyň astynda ýygnanmagymyz, bu köprüleriň nähili derejede berkdiginiň subutnamasydyr. Biz ýaşlarymyzdan garaşýan zadymyz — bu mirasy has-da öňe alyp gitmekleridir. Unutmaň, dilimiz bir, taryhymyz bir, geljegimiz hem bir bolmalydyr."

Çäre ýadygärlik surata düşüş dabarasy bilen tamamlandy. 

Media galereýasy

WhatsApp Image 2025-06-20 at 17.54.10 (2)
WhatsApp Image 2025-06-20 at 17.54.10
WhatsApp Image 2025-06-20 at 17.54.10 (1)
WhatsApp Image 2025-06-20 at 17.54.09
WhatsApp Image 2025-06-20 at 17.54.09 (3)
WhatsApp Image 2025-06-20 at 17.54.09 (2)
WhatsApp Image 2025-06-20 at 17.54.07 (3)
WhatsApp Image 2025-06-20 at 17.54.07 (2)
WhatsApp Image 2025-06-20 at 17.54.08 (1)
WhatsApp Image 2025-06-20 at 17.54.07
WhatsApp Image 2025-06-20 at 17.54.08 (2)
WhatsApp Image 2025-06-20 at 17.54.08 (3)
WhatsApp Image 2025-06-20 at 17.54.09 (1)
WhatsApp Image 2025-06-20 at 17.54.08
WhatsApp Image 2025-06-20 at 17.54.07 (1)
WhatsApp Image 2025-06-20 at 17.54.06
WhatsApp Image 2025-06-20 at 17.54.06 (2)
WhatsApp Image 2025-06-20 at 17.54.06 (1)

© 2022 TÜRKSOY - Ähli hukuklar goraglydyr