― 18 июня 2025 г.
Türkiýäniň Medeniýet we Syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoýdan TÜRKSOÝ- a iş sapary
Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet we Syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ-a) iş saparyny gurnady we guramanyň Baş sekretary Sultan Raýew bilen duşuşyk geçirdi. Saparyň çäklerinde taraplar, Türki Dünýäsiniň medeni mirasyny goramak we wagyz etmek ugrunda alnyp barylýan işler boýunça pikir alyşdylar.
Ministr Ersoý duşuşykdan soňra eden çykyşynda şeýle diýdi: “Türki Dünýäsiniň umumy medeni mirasyny ýaşatmak ugrunda alnyp barylýan işleri gözden geçirme mümkinçiligine eýe bolduk. Bilelikdäki medeni hazynamyzy berkitmek üçin hyzmatdaşlygymyzy berk ynam bilen dowam etdireris.”
TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Sultan Raýew bolsa Ministr Ersoýyň sapary mynasybetli hoşallyk bildirip, şeýle diýdi: “Hormatly ministrimiziň goldawy esasynda türki halklarynyň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy babatda örän uly ähmiýete eýedir. Biz hem TÜRKSOÝ hökmünde şol bir ruh bilen işimizi dowam etdireris.”
Saparyň dowamynda TÜRKSOÝ-a agza ýurtlar bilen bilelikde alyp barýan taslamalary, medeni diplomatiýa boýunça işleri we geljek döwür üçin meýilleşdirilen maksatnamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.