― 24 октября 2025 г.
Türki dünýäsi ýaşlar forumynda Prof. Dr. Mahmut F. Akşit: Bitewilik we tehnologiýa ugrunda möhüm ugurlar
Bişkek şäherinde geçirilen Türki dünýäsi ýaşlar forumynyň üns merkezinde bolan bölümlerden biri hem höweslendiriji çykyşlar boldy.
Türkiýeden foruma gatnaşan TUSAŞ / TEI-niň baş müdiri Prof. Dr. Mahmut F. Akşit, ýaşlara ýüzlenip eden çykyşynda häzirki döwrüň goranyş senagatynyň geçmişden alýan ylhamy bilen nähili ösüşlere ýetendigini hem-de Türkiýäniň bu ugurda gazanan uly üstünliklerini gürrüň berdi.
Çykyşynyň dowamynda birnäçe alkyşlamalara eýe bolan Prof. Dr. Akşit, Türki dünýäsiniň bitewüliginiň strategiki ähmiýetine aýratyn üns berip, umumy tehnologik öňegidişlikleriň we ylmy hyzmatdaşlyklaryň geljegiň iň möhüm basgançaklaryny emele getirýändigini nygtady.
Ol Türkiýäniň soňky ýyllarda howa we goranyş senagatynda eden uly ösüşlerini mysallar bilen düşündirip, Dronly dolandyrylýan uçarlardan (IHA), reaktiw hereketlendirijilere, milli dikuçarlardan kosmos taslamalaryna çenli giň ugurda ýaşlara ylham berdi.
“Şu gün ýetilen sepgit – umumy akyl, ynam, gaýrat we tutanýerlilik bilen mümkin boldy” diýip bellän Akşit, Türki ýaşlarynyň diňe öz ýurtlarynda däl, eýsem bütin Türki dünýäsi derejesinde geljege ýol açjak ukyba eýedigini nygtady.
Çykyşynyň soňunda köpçülik tarapyndan gyzgyn garşy alnan Prof. Dr. Akşit, ýaşlar bilen hatyra surata düşüp, olar bilen ýakyndan söhbetdeşlik geçirdiler.