― 17 июня 2025 г.
Sultan Raýew Karamanoglu Mehmetbeý Uniwersitetiniň rektory Prof. Dr. Mehmet Gawgalyny kabul etdi
Karamanoglu Mehmetbeý Uniwersitetiniň rektory Prof. Dr. Mehmet Gawgaly we rektor kömekçisi Prof. Dr. Idris Nebi Uýsal 2025-nji ýylyň 17-nji iýunynda Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ-a) iş saparynda boldy.
Rektor Gawgaly we onuň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Sultan Raýew tarapyndan resmi taýdan kabul edildi. Duşuşykda TÜRKSOÝ-yň Türki Dünýäsi bilen bagly umumy medeniýet we sungat ugurlarynda alyp barýan işleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar bar bolan hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek ugrunda özara isleg bildirip, geljekde bilelikde taslamalary amala aşyrmak boýunça ylalaşyk gazandylar.
Saparyň çäklerinde Prof. Dr. Mehmet Gawgaly, TÜRKSOÝ-yň baş sekretarynyň orunbasary Saýyt Ýusuf bilen hem duşuşdylar. Duşuşykda 2025-nji ýylda TÜRKSOÝ-yň güýçli goldawy bilen dabaraly ýagdaýda bellenen Türk Dili Baýramy seljerildi, 2026-njy ýyl üçin meýilleşdiriljek çäreler barada pikir alyşyldy.