DSC_3282
18 июня 2025 г.

Şewket Artikow TÜRKSOÝ-yň Özbegistan boýunça wekili wezipesine başlady

18 июня 2025 г.

Şewket Artikow TÜRKSOÝ-yň Özbegistan boýunça wekili wezipesine başlady

Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ-yň) Özbegistan boýunça ýurt wekili wezipesine bellenen Şewket Artikow üçin 2025-nji ýylyň 18-nji iýunynda Ankara şäherindäki TÜRKSOÝ-yň Baş sekretarlyk binasynda resmi işe başlama dabarasy geçirildi.

Dabara Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet ministrliginiň ministriň birinji orunbasary Murodjon Majidow hem-de ony alyp gelen wekiliýet hem gatnaşdy. Çäräniň dowamynda TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Sultan Raýew, Özbegistanyň medeniýet ministriniň orunbasary Murodjon Majidow we täze wekili Şewket Artikow çykyş etdiler.

TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Sultan Raýew çykyşynda Türki Dünýäsiniň medeni integrasiýasynda Özbegistanyň möhüm orna eýedigini nygtap, Şewket Artikowyň bu wezipede işleşýän döwründe hyzmatdaşlygy has-da güýçlendirjekdigine ynam bildirdi. Raýew bu dabarda öz sözlerinde şeýle diýdi: “Hormatly Artikowyň bilim derejesine, tejribesine we geljegi görýän pikirlerine esaslanyp, Özbegistanyň baý medeni mirasynyň Türki Dünýäsine has güýçli şekilde ýetirilerine ynanýarys.”

Özbegistanyň medeniýet ministriniň orunbasary Murodjon Majidow bolsa çykyşynda, Özbegistanyň TÜRKSOÝ bilen amala aşyrylýan bilelikdäki taslamalardan hoşallyk duýýandygyny aýdyp, ýurduň guramanyň işine işjeň gatnaşmagyny dowam etdirjekdigini belledi.

Özbegistanyň Medeniýet ministrliginde uzak ýyllap dürli wezipelerde işlän Şewket Artikow bolsa, TÜRKSOÝ-da işlemegiň özi üçin uly hormatdygyny belläp, bu wezipäni abraý bilen ýerine ýetirmek üçin elinden gelen tagallanyň hemmesini etjekdigini bildirdi. 

Media galereýasy

DSC_3359
DSC_3353
DSC_3347
DSC_3342
DSC_3338
DSC_0174
DSC_0173
DSC_0167
DSC_0150
DSC_0134
DSC_0124
DSC_3282
DSC_3317
DSC_3307
DSC_3299
DSC_3290
DSC_3294
DSC_3282
DSC_3280
DSC_3270
DSC_3276
DSC_3265
DSC_3266
DSC_3260
DSC_3264
DSC_3255
DSC_3258

© 2022 TÜRKSOY - Ähli hukuklar goraglydyr