WhatsApp Image 2025-09-11 at 07.41.18
11 сентября 2025 г.

“Nomad Puppet Aktau” adyndaky I halkara gurjak teatr festiwaly başlady

11 сентября 2025 г.

“Nomad Puppet Aktau” adyndaky I halkara gurjak teatr festiwaly başlady

2025-nji ýylyň “Türki Dünýäsiniň Medeni paýtagty” bolan Aktau şäheri möhüm bir döredijilik duşuşygyna öý eýeçiligi edýär. 2025-nji ýylyň 10-njy sentýabrda geçirilen açylyş dabarasy bilen “Nomad Puppet Aktau” adyndaky I halkara gurjak teatrlar festiwaly” resmi taýdan başlandy.

Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Türkiýe we Tatarystandan gelen gurjak teatrlarynyň gatnaşmagynda geçirilýän bu festiwal, Aktau şäheriniň medeni durmuşyna täze bir öwüşgin goşdy. “Dostluk öýi” Medeniýet merkezinde guralan açylyş dabarasy, Aktau şäheriniň sungat işgärleri tarapyndan sahnalaşdyran çykyşlary we gatnaşyjy teatrlaryň ýörişleri bilen başlandy.

Açylyşda çykyş eden Mangistau welaýatynyň häkiminiň orunbasary Tilegen Abiýşew, festiwala gatnaşyjy teatrlara üstünlik arzuw edip, şeýle çäreleriň medeni gatnaşyklary berkitýändigini nygtady. Gazagystan Respublikasy Medeniýet ministrliginiň Teatr bölüminiň müdiri Altyngül Nurbekowa bolsa Medeniýet we Maglumat ministri Aýda Balaýewanyň gutlag hatyny gatnaşyjylara ýetirdi.

Resmi açylyşyň öňi syrasynda geçirilen metbugat ýygnagynda çykyş eden Elçin Gafarly, TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Sultan Raýewiň salamlaşyk ýüzlenmesini ýetirdi we festiwalyň Türki dünýäsinde döredijilik hyzmatdaşlygyny hem-de dostluk köprülerini berkidýändigini belledi.

Festiwalyň ilkinji güni Azerbayjan Döwlet Gurjak teatrynyň hem-de Şimkent Gurjak teatrynyň sahnalaşdyran oýunlary bilen başlady. Çärä, Türki dünýäsiniň dürli künjeklerinden gelen gurjak teatrlarynyň çykyşlary bilen 2025-nji ýylyň 14-nji sentýabra çenli dowam ediler.

Media galereýasy

WhatsApp Image 2025-09-11 at 13.08.26
WhatsApp Image 2025-09-11 at 13.08.25
WhatsApp Image 2025-09-11 at 13.08.24
WhatsApp Image 2025-09-11 at 13.08.23
WhatsApp Image 2025-09-11 at 13.08.22
WhatsApp Image 2025-09-11 at 07.50.14
WhatsApp Image 2025-09-11 at 07.50.06
WhatsApp Image 2025-09-11 at 07.49.55
WhatsApp Image 2025-09-11 at 07.49.49
WhatsApp Image 2025-09-11 at 07.49.29
WhatsApp Image 2025-09-11 at 07.49.15
WhatsApp Image 2025-09-11 at 07.49.08
WhatsApp Image 2025-09-11 at 07.48.48
WhatsApp Image 2025-09-11 at 07.48.07
WhatsApp Image 2025-09-11 at 07.47.54
WhatsApp Image 2025-09-11 at 07.47.49
WhatsApp Image 2025-09-11 at 07.47.08
WhatsApp Image 2025-09-11 at 07.46.23
WhatsApp Image 2025-09-11 at 07.44.23
WhatsApp Image 2025-09-11 at 07.44.04
WhatsApp Image 2025-09-11 at 07.43.39
WhatsApp Image 2025-09-11 at 07.43.02
WhatsApp Image 2025-09-11 at 07.42.20
WhatsApp Image 2025-09-11 at 07.41.18

© 2022 TÜRKSOY - Ähli hukuklar goraglydyr