― 15 сентября 2025 г.
“Nomad Puppet Aktau” adyndaky I Halkara gurjak teatrlary festiwaly tamamlandy
2025-nji ýylyň Türki dünýäsiniň medeni paýtagty bolan Aktau şäherinde geçirilen “Nomad Puppet Aktau” adyndaky I Halkara gurjak teatrlary festiwaly üstünlikli ýagdaýda tamamlandy.
Bäş gün dowam eden festiwala Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Türkiýe we Tatarystandan gelen döwlet gurjak teatrlary gatnaşyp, baýrakly oýunlary bilen Aktau şäheriniň sungat durmuşyna öwüşgin goşdylar we tomaşaçylaryň uly gyzyklanmasyny gazandylar.
Festiwalyň ýapylyş dabarasy Aktau şäherindäki “Dostluk öýi” Medeniýet merkezinde geçirildi. Dabara, Mangistau welaýatynyň Medeniýet, Dil ösdürmek we Arhiw işleri dolandyryşynyň başlygy Nurtas Sali bilen TÜRKSOÝ-yň Azerbaýjan ýurt boýunça wekili Elçin Gafarlynyň çykyşlary bilen başlandy. Çykyş edenler festiwalyň üstünlikli geçmegi mynasybetli ähli teatr toparlaryny gutlap, Gazagystanyň Medeniýet we maglumat ministrligine, TÜRKSOÝ guramasyna hem-de Mangistau welaýat häkimligine aýratyn minnetdarlyk bildirip, bu festiwalyň geljekde hem dowamly geçirilmegine umyt bildirdiler.
Dabaranyň konsert maksatnamasy bilen dowam etdi. Soňra festiwalyň eminler topary tarapyndan ýeňijiler yglan edilip, teatr toparlaryna gatnaşyjy şahadatnamalary, diplomlar we baýraklar gowşuryldy.
Baýrakly orunlara mynasyp bolanlar:
Milli däp-dessurlary goramak boýunça: Azerbaýjan Döwlet gurjak teatry, Bursa Döwlet teatry, Şymkent şäher gurjak teatry
Taryhy düşünjäni ýatda saklamak boýunça: Astana şäher gurjak teatry
Iň gowy sahna bezegi boýunça: M. Jangaziýew adyndaky Gyrgyz Döwlet gurjak teatry
Iň gowy zenan keşbi boýunça: Aktöbe welaýatynyň “Alakaý” gurjak teatry (Gazagystan) – Gauhar Oralbai
Iň gowy erkek keşbi boýunça: Ýar Çally Döwlet gurjak teatry (Tatarystan, Russiýa) – Ýegor Mitrofanow
Iň gowy aktýor topary: Fergana welaýatynyň gurjak teatry (Özbegistan)
Mundan başga-da Mangistau welaýatynyň ýörite baýragy Kostanaj welaýatynyň Gurjak Teatryna (Gazagystan) gowşuryldy. “Grand Pri” (Iň gowy çykyş) baýragy bolsa Mangistau welaýatynyň gurjak teatryna (Aktau, Gazagystan) berildi.
Ýapylyş dabarasyna Azerbaýjanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň Aktau şäherindäki Baş konsullary hem gatnaşdylar. Festiwal ähli gatnaşyjylaryň bilelikdäki ýadygärlik surata düşüş dabarasy bilen tamamlandy.