DSC_2773
20 октября 2025 г.

“Mahmuthoja Behbudi” oýny Ankara şäherinde sahnalaşdyryldy

20 октября 2025 г.

“Mahmuthoja Behbudi” oýny Ankara şäherinde sahnalaşdyryldy

TÜRKSOÝ we Özbegistanyň medeniýet ministrliginiň hyzmatdaşlygynda sahnalaşdyrylan “Mahmuthoja Behbidi” atly teatr oýny döwlet teatrlarynyň kiçi teatr sahnasynda sungat muşdaklarynyň dykgatyna hödürlenildi.

Samarkant welaýatynyň aýdym-saz drama teatry tarapyndan sahnalaşdyrylan bu eser beýik filosof, akyldar we milli oýanyşyň öňbaşysy bolan Mahmuthoja Behbudiniň durmuşyny hem-de garaýyşlaryny çuň duýgudarlylyk bilen beýan etdi.

Çärä TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Sultan Raýew, Özbegistan Respublikasynyň Ankara şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Ilhom Haýdarow, myhmanlar we teatry söýýän tomaşaçylar gatnaşdylar.

Raýew oýnuň soňunda beren beýannamasynda dramaturg hökmünde aşakdaky sözleri belledi: 

“Bu eser Mahmuthoja Behbudiniň pikirlerini we göreş ýoluny beýan etmegi babatda örän täsirli sahna gurluşyna eýedir. Ussatlyk bilen düzülen çaknyşyklar, artistleriň güýçli çykyşlary we sahna keşbiniň saz bilen utgaşmagy hemmämizi çuňňur täsirledi. Bu üstünlikli eseri döretmekde hyzmat eden ähli sungat işgärlerine ýürekden minnetdarlyk bildirýärin.”

Tomaşaçylaryň köpüsi oýnuň ahyrynda artistleri uzak wagtlap el çarpyşyp gutladylar.

Farmon Toşewiň galamyndan çykan “Mahmuthoca Behbudi” atly oýny sahna režissýory Farhod Boýnazarow tarapyndan sahnalaşdyryldy. 

Režissýor — Alijon Hasanow, sahna bezegi — Bahrom Safoýew, baş baletmeýster — Madinahon Ergaşeýewa, ses bezegi — Nizom Kosimow tarapyndan ýerine ýetirildi.

Oýunda aşadaky artistler çykyş etdiler:

Mahmuthoja Behbudi — Laziz Mamatkulow,

Şarofahon — Şahsanam Rahimowa,

Masudhon — Eldor Karimow,

Alizoda — Hüseyin Mahmudow,

Muýin — Elbek Boýmatow,

Aýniý — Turdimurod Hudoýberdiýew,

Munawwar Kori — Jorabek Ýorkulow,

Fitrat — Raşid Safarow,

Şakuriý — Elnur Erniýazow,

Rais — Haýot Hamidow we Maşrab Bekmurodow,

Polat aýgökçi — Nawruz Tojiýew,

NKWD başlygy — Alijon Hasanow,

Suhow — Abdulaziz Toştemirow.

Eser Behbudiniň ylmy we milli oýanmak ugrunda eden göreşini, halky bilime we bitewülik ruhuna çagyran pikirlerini hem-de şol ýol ugrunda eden gurbanlygyny täsirli görnüşde tomaşaçylara ýetirdi.

Gijäniň ahyrynda Baş sekretar Sultan Raýew oýnuň sahnalaşdyrylmagynda hyzmat eden adamlara minnetdarlyk nyşany hökmünde ýadygärlik sowgatlaryny we hormat hatlaryny gowşurdy.

Media galereýasy

DSC_2773
DSC_6252
DSC_6238
DSC_6235
DSC_6223
DSC_6218
DSC_6215
DSC_6199
DSC_2905
DSC_2894
DSC_2879
DSC_2858
DSC_2869
DSC_2844
DSC_2828
DSC_2821
DSC_2814
DSC_2806
DSC_2793
DSC_2769
DSC_2758
DSC_2745

© 2022 TÜRKSOY - Ähli hukuklar goraglydyr