WhatsApp Image 2025-10-21 at 15.33.31 (1)
21 октября 2025 г.

IV Türki dünýäsiniň muzeýler duşuşygy Aktau şäherinde geçirildi: Halylar we daşdan ýasalan ýadygärlikler Türki medeniýetlerini birleşdirdi

21 октября 2025 г.

IV Türki dünýäsiniň muzeýler duşuşygy Aktau şäherinde geçirildi: Halylar we daşdan ýasalan ýadygärlikler Türki medeniýetlerini birleşdirdi

2025-nji ýylyň Türki dünýäsiniň medeni paýtagty hökmünde saýlanan Gazagystanyň Aktau şäherinde, türki medeni mirasynyň iki gadymy nyşany bolan “haly” bilen “daşdan ýasalan ýadygärlikleri” babatyndaky möhhüm iki medeni çärä guraldy. 2025-nji ýylyň 6–17 oktýabry aralygynda TÜRKSOÝ-ň müzeýler birligi tarapyndan gurnalan IV Türki dünýäsiniň mezeýler duşuşygy, Türki dünýäsinden gelen kyrka golaý muzeý hünärmeniniň gatnaşmagynda geçirildi.

Çäräniň çäginde, Türki dünýäsiniň umumy ýadygärligini şöhlelendirýän “daşdan ýasalan ýadygärlikler” esasy mowzuk hökmünde ara alnyp maslahatlaşyldy. Bilim maslahaty döwründe, taryhdan häzirki wagta çenli gelip ýeten bu dilsiz şaýatlary goramak, tanytmak we many taýdan düşündirmek boýunça möhüm pikir alyşmalar geçirildi.

Türki dünýäsiniň reňkleri ilkinji gezek “Umumy haly sergisi” atly sergisinde bir ýere jemlendi. 

2025-nji ýylyň 16 oktýabrynda duşuşygyň iň täsirli çäreleriniň biri hem, Abyş Kekilbaýuly Mangystau taryh muzeýinde ilkinji gezek gurnalan “Türki dünýäsiniň umumy haly sergisi” atly dabaranyň açylyşy boldy. Sergide TÜRKSOÝ-ň muzeýler birligine agza ýurtlar — Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Türkiýe, Türkmenistan, DKTR (Demirgazyk Kipr Türk Respublikasy) we Gagauziýadan saýlanyp alnan däp-dessur nyşanlandyrýan ajaýyp halylary görkezildi.

Her bir ýurt bu ýörite sergi üçin öz medeniýetiniň nagyşlaryny şöhlelendirýän bir halyny birleşmä sowgat berdi. Şeýlelikde, sergi myhmanlara türki dünýäsi nagyşlarynyň gözelliginden doly wizual baýramçylyga öwrüldi.

TÜRKSOÝ-ň muzeýler birliginden möhüm kararlar

Şol günüň dowamynda TÜRKSOÝ-ň muzeýler birliginiň IV möwsümleýin maslahaty, birligiň döwürleýin başlygy we Gazagystan milli muzeýiniň direktory Prof. Dr. Berik Abdygaliulynyň ýolbaşçylygynda geçirildi. Maslahatyň dowamynda türki muzeýçiliginiň geljegi üçin möhüm kararlar kabul edildi:

• Birligiň indiki döwür başlygynyň Özbegistana geçirilmegi;

• Wengriýa milli muzeýiniň ýurt utgaşdyryjysy hökmünde agzalyga kabul edilmegi;

• Geljekki maslahatyň Özbegistanda geçirilmegi.

Şeýle hem duşuşykda täze agzalar — Mangystau taryh muzeýi we Wengriýa milli muzeýi resmi agzalyk şahadatnamalary bilen TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Sultan Raýewiň adyndan sylaglandyryldy. 

Bu duşuşyk Türki dünýäsiniň umumy medeni mirasyny gorap saklamak we dowam etdirmek ugrundaky berkligini ýene-de bir gezek görkezmek bilen, muzeýleriň arasynda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin netijeli platforma bolup durýar. 

Media galereýasy

WhatsApp Image 2025-10-21 at 15.33.32 (1)
WhatsApp Image 2025-10-21 at 15.44.26 (1)
WhatsApp Image 2025-10-21 at 15.33.31
WhatsApp Image 2025-10-21 at 15.44.26
WhatsApp Image 2025-10-21 at 15.44.27 (1)
WhatsApp Image 2025-10-21 at 15.33.36
WhatsApp Image 2025-10-21 at 15.33.35
WhatsApp Image 2025-10-21 at 15.33.35 (1)
WhatsApp Image 2025-10-21 at 15.33.33
WhatsApp Image 2025-10-21 at 15.33.34 (1)
WhatsApp Image 2025-10-21 at 15.44.27 (2)
WhatsApp Image 2025-10-21 at 15.44.27
WhatsApp Image 2025-10-21 at 15.44.28 (2)
WhatsApp Image 2025-10-21 at 15.44.28 (1)
WhatsApp Image 2025-10-21 at 15.44.29 (1)
WhatsApp Image 2025-10-21 at 15.44.29
WhatsApp Image 2025-10-21 at 15.44.30
WhatsApp Image 2025-10-21 at 15.44.28
WhatsApp Image 2025-10-21 at 15.33.34
WhatsApp Image 2025-10-21 at 15.33.32
WhatsApp Image 2025-10-21 at 15.23.39 (1)
WhatsApp Image 2025-10-21 at 15.23.39
WhatsApp Image 2025-10-21 at 15.23.40 (1)
WhatsApp Image 2025-10-21 at 15.23.40 (2)
WhatsApp Image 2025-10-21 at 15.33.30 (1)
WhatsApp Image 2025-10-21 at 15.23.40
WhatsApp Image 2025-10-21 at 15.33.30
WhatsApp Image 2025-10-21 at 15.23.38
WhatsApp Image 2025-10-21 at 15.23.38 (2)
WhatsApp Image 2025-10-21 at 15.23.38 (1)
WhatsApp Image 2025-10-21 at 15.23.37 (1)
WhatsApp Image 2025-10-21 at 15.23.37
WhatsApp Image 2025-10-21 at 15.23.36
WhatsApp Image 2025-10-21 at 15.23.36 (1)

© 2022 TÜRKSOY - Ähli hukuklar goraglydyr