― 24 октября 2025 г.
II Türki dünýäsi forumynda TÜRKSOÝ-nyň hemişelik geňeşiniň meňzetme duşuşygy geçirildi
Türki medeniýetiniň halkara guramasy – TÜRKSOÝ tarapyndan gurnalan II Türki dünýäsi ýaşlar forumy, şu ýyl Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherinde uly ruhubelentlik bilen geçirildi.
Forumyň çäklerinde ilkinji gezek TÜRKSOÝ-yň hemişelik geňeşiniň meňzetme duşuşygy geçirilip, Türki dünýäsiniň ýaşlary üçin täze bir başlangyç boldy.
Bu meňzetme duşuşygy, guramanyň dolandyryş gurluşynda orun alýan Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Türkmenistan we Türkiýäni wekilçilik edýän topar tarapyndan gurnaldy.
Çärä gatnaşyjylar TÜRKSOÝ-nyň hemişelik geňeşiniň iş usulyny nusga edinip, medeniýet, sungat we ýaşlar syýasaty bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Maksatnamanyň dowamynda ýaşlar ýurtlarynyň adyndan söz alyp, umumy taslamalarda has işjeň gatnaşmak, medeni mirasy gorap saklamak hem-de geljekki strategiýa we görkezijileri bilelikde kesgitlemek barada pikir alyşdylar.
Olar taýýarlan teklip we çykyşlary arkaly düşünje alyşdylar we TÜRKSOÝ hemişelik geňeşiniň gün tertibindäki meseleleri ara alyp maslahatlaşyp, Türki dünýasiniň geljegine degişli umumy çözgüt tekliplerini orta goýdular.
Meňzetme duşuşygynyň maksady ýaşlaryň diplomatiýa, liderlik we aragatnaşyk ukyplaryny ösdürmek bilen bir hatarda, Türki dünýäsiniň medeni jebisligine ýaşlaryň garaýşy boýunça goşant goşmakdan ybarat boldy.
Şu ýyl ilkinji gezek gurnalan bu çäre, gatnaşyjylaryň ýokary gyzyklanmasy we üstünlikli çykyşlary bilen aýratyn ünsi çekdi.
Maksatnamanyň ahyrynda ýaş wekiller bilelik, jebislik we umumy medeni şahsyýet barada çykyş edip, Türki dünýäsiniň ýaşlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek baradaky arzuwlaryny beýan etdiler.
TÜRKSOY-nyň Baş sekretarynyň orunbasary Saýit Ýusuf hem bu meňzetme duşuşygyň geljek ýyllarda has-da kämilleşdirilip, her ýyl yzygiderli geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini belledi.
Ýapylyş dabarasy we gol çekişlik dabarasy ertesi gün geçiriler.