WhatsApp Image 2025-10-24 at 16.05.09
24 октября 2025 г.

Bişkek şäherinde TÜRKSOÝ ýaşlar duşuşyklary çäreleriniň çäklerinde Türki dünýäsiniň ýaşlarynyň 2-nji forumy geçirildi

24 октября 2025 г.

Bişkek şäherinde TÜRKSOÝ ýaşlar duşuşyklary çäreleriniň çäklerinde Türki dünýäsiniň ýaşlarynyň 2-nji forumy geçirildi

Türki medeniýetiniň halkara guramasy TÜRKSOÝ tarapyndan 2025-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Gyrgyzystanyň Bişkek şäherinde gurnalan II Türki dünýäsiniň ýaşlar forumy Ýusuf Balasagun adyndaky gyrgyz milli uniwersitetinde geçriildi. 

TÜRKSOÝ-yň “Ýaşlar duşuşyklary” maksatnamasynyň çäklerinde guralan foruma Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Türkiýe we birnäçe türki jemgyýetlerinden gelen ýaşlar gatnaşdylar. Forumyň açylyş dabarasyna köp sanly ilçiler, alymlar, edaralaryň wekilleri hem-de ýaşlar delegasiýalary gatnaşdy.

Açylyş çykyşlary:

Dabaranyň başynda Ýusup Balasagun adyndaky gyrgyz milli uniwersitetiniň rektory Prof. Dr. Dogdurbek Çontoýew çykyş edip, uniwersitetiň 100 ýyllyk baýramynyň bellenilýän şu möhüm ýylynda Türki dünýäsi ýaşlaryny Bişkek şäherinde kabul etýändigi sebäpli örän hoşaldygyny bildirdi. 

Soňra söz nobatyny alan TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Sultan Raýew, Türki dünýäsi ýaşlarynyň umumy pikirleriň töwereginde birleşmeginiň ähmiýetini nygtap, aşakdaky sözleri nygtady: 

“Biz şu gün diňe bir forum geçirmeýäris;eýsem biz Türki dünýäsine degişli täze sahypa açýarys. Dünýäniň kynçylykly döwürleri başdan geçirýän mahalynda, umumy taryhymyzdan ruhlanyp, geljegi bilelikde gurmak üçin şu ýerde ýygnandyk. Bu forum – Türki ýaşlarynyň pikir, ylym we medeni güýçlerini birleşdirýän platformadyr. Biz, umumy şahsyýetimizi ýaşatmak, biri-birimizi has gowy tanamak arkaly Türki bitewiligini we doganlygyny berkitmelidiris.”

Raýew çykyşynda, ýaşlaryň umumy gymmatlyklar töwereginde jebisleşmeginiň Türki dünýäsiniň geljegi üçin uly güýç çeşmesi bolup durýandygyny belläp, şu sözler bilen ýaşlara ylham berdi:

“Geljegimiz  – sizsiňiz! Geljek – bizdiris!”

Açylyş çykyşlarynda Gyrgyz Respublikasy medeniýet, maglumat we ýaşlar Syýasaty ministriniň orunbasary Marat Tölömüşow, Gyrgyz Respublikasy ylym, ýokary bilim we innowasiýa ministriniň birinji orunbasary Ajbek Özbekowiç Çotonow hem-de Türkiýe maarif gaznasynyň başlygynyň orunbasary Prof. Dr. Ahmet Emre Bilgili öz gezeklerinde çykyş etdiler. Olar Türki dünýäsi ýaşlarynyň jebislikde umumy geljege tarap hereket etmeginiň medeni, ylmy we jemgyýetçilik ösüş üçin möhüm ähmiýetini belläp geçdiler.

Forumyň hormatly myhmany

Açylyş dabarasyndan soňra Ahmed Jawad institutynyň başlygy, Türkiýäniň milli mejlisiniň 25–26-njy çagyrylyşynyň deputaty Prof. Dr. Ruhi Ersoý forumyň hormatly myhmany hökmünde ýaşlara ýüzlendi. Ol öz çykyşynda Türki dünýäsiniň umumy medeni mirasy hem-de şahsyýet duýgusyny berkitmegiň zerurdygyny aýdyp, ýaşlary pikirlenmäge, döredijilige we bilelikde hereket etmäge çagyrdy.

TÜRKSOÝ-yň ýaşlar boýunça maksatdy

TÜRKSOÝ tarapyndan durmuşa geçirilýän Türki dünýäsi ýaşlar forumy, Türki dünýäsiniň ýaşlarynyň arasynda medeni, ylmy we intellektual gatnaşygy artdyrmagy, umumy düşünje hem-de gymmatlyk birligini döretmegi maksat edinýär.

Geçen ýyl Almaty şäherinde geçirilen ilkinji duşuşykdan soňra, şu ýyl Bişkek şäherinde guralan ikinji forum, Türki dünýäsiniň dünýäsiniň ýaşlarynyň arasynda durnukly aragatnaşyk we hyzmatdaşlyk ulgamyny döretmek maksady bilen Baş sekretar Sultan Raýewiň ýolbaşçylygynda amala aşyryldy.

Media galereýasy

WhatsApp Image 2025-10-24 at 16.05.11
WhatsApp Image 2025-10-24 at 16.05.09
WhatsApp Image 2025-10-24 at 16.05.10
WhatsApp Image 2025-10-24 at 16.05.09 (1)
WhatsApp Image 2025-10-24 at 16.05.08
WhatsApp Image 2025-10-24 at 16.05.08 (1)
WhatsApp Image 2025-10-24 at 16.05.07
WhatsApp Image 2025-10-24 at 16.05.06
WhatsApp Image 2025-10-24 at 16.05.05
WhatsApp Image 2025-10-24 at 16.05.04
WhatsApp Image 2025-10-24 at 16.05.04 (1)
WhatsApp Image 2025-10-24 at 16.05.03
WhatsApp Image 2025-10-24 at 16.05.02

© 2022 TÜRKSOY - Ähli hukuklar goraglydyr