WhatsApp Image 2025-10-21 at 12.10.10
21 октября 2025 г.

Bişkek şäherinde 2025-nji ýylyň 23–26-njy oktýabr aralygynda TÜRKSOÝ Türki dünýäsiniň ýaşlar forumy geçiriler

21 октября 2025 г.

Bişkek şäherinde 2025-nji ýylyň 23–26-njy oktýabr aralygynda TÜRKSOÝ Türki dünýäsiniň ýaşlar forumy geçiriler

Türki medeniýetiniň halkara guramasy — TÜRKSOÝ Baş sekretarlygy, Türki dünýäsiniň geljegini şekillendirjek ýaşlaryň arasynda doganlyk gatnaşyklaryny berkitmek hem-de umumy medeni mirasa bolan gyzyklanmany artdyrmak maksady bilen möhüm çäre geçirmäge taýýarlanýar.

TÜRKSOÝ-yň Türki dünýäsiniň ýaşlar forumy atly çäreniň ikinji dabarasy şu ýyl 23–26-njy oktýabr aralygynda Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherinde geçiriler.

Baş sekretar Raýew: “Gelejegimiziň kepili ýaşlarymyzdyr”

Çäre öňüsyrasynda öz çykyşynda TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Sultan Raýew şeýle belledi: 

“Türki dünýäsiniň geljegi şu günki ýaşlaryň pikirlerinde we umumy maksatlarynda şekillenýär. Gelejegimiziň kepili bolan ýaşlarymyzy Bişkek şäerinde bir ýere jemlemek biziň üçin ullukan buýsandyryjy wakadyr. Bu duşuşyk diňe bir guramaçylyk çäresi bolmak bilen çäklenmän, eýsem umumy şahsyýetimizi we ykbalyňyzy emele getirme ýolunda möhüm ädimdir. Maksadymyz — ýaşlaryň biri-birini tanap, pikir alyşýan hem-de hemişelik dostluk köprülerini guran platforma döretmekdir.”

“Geljegimiz sensin” atly şygar bilen giň gerimli maksatnama

Gyrgyz milli uniwersiteti bilen hyzmatdaşlykda guraljak foruma TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryndan medeniýet, sungat, ylym we jemgyýetçilik ugurlarynda üstünlik gazanan takmynan 100 ýaş gatnaşar.

Geljegimiz sensin” diýen mowzuk esasynda geçiriljek maksatnamada ýaşlaryň umumy milli şahsyýet duýgusyny berkitmeklerine, geljege degişli garaýyşlaryny giňeltmeklerine mümkinçilik berýän dürli panel maslahatlardan, tejribe sapaklaryndan we medeni çärelerden ybarat giňişleýin maksatnama bolar.

Türki dünýäsiniň ýaşlar diplomatiýasy: TÜRKSOÝ-yň hemişelik geňeşi simulýasiýasy

Bu ýyldaky duşuşygyň iň täsirli böleklerinden biri — ýaşlaryň Türki dünýäsiniň umumy medeni meselelerini ara alyp maslahatlaşjak ilkinji TÜRKSOÝ hemişelik geňeşi simulýasiýasy bolar.

Onda ýaşlar öz ýurtlaryny wekilçilik edip, diplomatiýa, aragatnaşyk we karar kabul etme tejribesini göni ýagdaýda başdan geçirerler.

Ylham beriji çykyşlar

Çäräde ýaşlara ylham bermek maksady bilen Türk awiasiýa we kosmos senagaty (TUSAŞ) hem-de Motor senagaty A.Ş. (TEI)-nyň baş direktory, professor Mahmut Akşit çykyş eder.

Forumyň başga bir myhman çykyş edijisi bolsa, 25-nji we 26-njy çagyrylyş Osmaniýe milletwekili, Ahmet Jawad institutyniň başlygy, MHP-niň Baş maslahatçysy we Ankara Hajy Baýram Weli uniwersitetiniň mugallymy Prof. Ruhi Ersoý bolar.

Forumyň maksady

TÜRKSOÝ bu maksatnama arkaly Türki dünýäsiniň ýaşlarynyň biri-birine has ýakyndan tanyşmagyna, umumy taryh we medeniýet düşünjesi esasynda pikir alyşmagyna hem-de uzak möhletli dostluk köprülerini gurmagyna goşant goşmagy maksat edinýär.

MAKSATNAMANYŇ GIŇIŞLEÝIN MAGLUMATLARY

Senesi: 2025-nji ýylyň 24-nji oktýabry

Geçiriljek ýeri: Gyrgyz milli uniwersitetiniň konferensiýa zaly

  • Sagat 11:00 –13:00 — 2-nji Türki dünýäsiniň ýaşlar forumy: Resmi açylyş dabarasy
  • 14:45–15:45 — Ylham beriji çykyşlar
  • 16:30–18:30 — TÜRKSOÝ hemişelik geňeşi simulýasiýasy

© 2022 TÜRKSOY - Ähli hukuklar goraglydyr