WhatsApp Image 2026-03-13 at 23.19.10
13 марта 2026 г.

Baku şäherinde Türki dünýäsiniň suratkeşler akademiýasynyň surat sergisi we sylag gowşurylyş dabarasy geçirildi

13 марта 2026 г.

Baku şäherinde Türki dünýäsiniň suratkeşler akademiýasynyň surat sergisi we sylag gowşurylyş dabarasy geçirildi

2026-njy ýylyň 13-nji martynda Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde Türki dünýäsiniň suratkeşler akademiýasynyň surat sergisi we sylag gowşurylyş dabarasy geçirildi. Geçen ýyl Stambul şäherinde geçirilen maksatnamanyň dowamy bolan bu çäre türki dünýäsinden suratkeşleri we medeniýet wekillerini bir ýere jemledi. Maksatnama Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministriniň orunbasary Murat Hüseýnow, TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Sultan Raýew, Türki dünýäsiniň suratkeşler akademiýasynyň prezidenti Sakit Mammadow we başga-da köp sanly myhmanlar gatnaşdylar. Açylyş sözi bilen Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministriniň orunbasary Murat Hüseýnow, TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Sultan Raýew we Türki dünýäsiniň suratkeşler akademiýasynyň prezidenti Sakit Mammadow çykyş etdiler. Sultan Raýew öz çykyşynda aşakdaky sözler belläp geçdi: “Şu gün Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde geçirýän Türki dünýäsiniň suratkeşler akademiýasynyň sergisi we baýrak gowşurylyş dabarasy, türki dünýäsiniň umumy medeni mirasyny sungat arkaly görnükli etmäge gönükdirilen möhüm medeni ýygnanyşykdyr. Bilşiňiz ýaly, bu manyly çäreleriň ilkinjisi beýik türki ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň ýadygärligine bagyşlanan sergi bilen başlandy we türki dünýäsiniň dürli geografiýalaryndan suratkeşleri bir estetiki sepgitde jemledi. Bu gymmatly medeni hereketiň TÜRKSOÝ-yň başlangyjyndan bäri we goldawy bilen durmuşa geçendigi biziň üçin uly buýsançdyr. Şeýle manyly çäräniň şu gün türki dünýäsiniň möhüm medeni merkezleriniň biri bolan Baku şäherinde geçirilýändigine örän begenýäris”. Maksatnamanyň çäginde Türki dünýäsiniň suratkeşler akademiýasynyň prezidenti Sakit Mammadow TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Sultan Raýewe Türki dünýäsiniň suratkeşler akademiýasynyň altyn medalyny gowşurdy. Sergä gatnaşan suratkeşlere türki halklarynyň medeni we çeper gymmatlyklaryny wagyz etmekdäki goşantlary üçin Türki dünýäsiniň suratkeşler akademiýasynyň medaly gowşuryldy. 

Sylag gazanan wekiller

Doly agzalyk medaly

• Omar Eldarow (Azerbaýjan)

• Arif Azizzow (Azerbaýjan)

• Kazgulow Alpysbaý (Gazagystan)

• Çakypow Çylkyçy (Gyrgyzystan)

• Akilowa Kamola (Özbegistan)

Habarçy agzalyk medaly

• Aýnur Mammadowa (Azerbaýjan)

• Mammad Huseýn Huseýin (Azerbaýjan)

• Kadir Ablak (Türkiýe)

• Terane Agaýewa (Türkiýe)

• Amanmyrat Modyýew (Türkmenistan)

Türki halklaryny wekilçilik edýän üstünlikli suratkeşleriň eserleriniň birnäçesi sungat söýüjilerine hödürlendi. Türki dünýäsiniň suratkeşler akademiýasynyň surat sergisi 2026-njy ýylyň 13-17-nji marty aralygynda Türki dünýäsiniň surat galereýasynda sungat söýüjileri üçin açyk bolar.

Media galereýasy

WhatsApp Image 2026-03-13 at 23.19.15
WhatsApp Image 2026-03-13 at 23.19.16
WhatsApp Image 2026-03-13 at 23.19.15 (1)
WhatsApp Image 2026-03-13 at 23.19.15 (2)
WhatsApp Image 2026-03-13 at 23.19.14 (1)
WhatsApp Image 2026-03-13 at 23.19.14
WhatsApp Image 2026-03-13 at 23.19.13 (2)
WhatsApp Image 2026-03-13 at 23.19.13
WhatsApp Image 2026-03-13 at 23.19.13 (1)
WhatsApp Image 2026-03-13 at 23.19.12
WhatsApp Image 2026-03-13 at 23.19.12 (1)
WhatsApp Image 2026-03-13 at 23.19.11
WhatsApp Image 2026-03-13 at 23.19.11 (1)
WhatsApp Image 2026-03-13 at 23.19.10 (2)
WhatsApp Image 2026-03-13 at 23.19.10 (1)
WhatsApp Image 2026-03-13 at 23.19.09 (1)
WhatsApp Image 2026-03-13 at 23.19.09
WhatsApp Image 2026-03-13 at 23.19.08 (2)
WhatsApp Image 2026-03-13 at 23.19.08
WhatsApp Image 2026-03-13 at 23.19.08 (1)
WhatsApp Image 2026-03-13 at 23.19.07
WhatsApp Image 2026-03-13 at 23.19.07 (2)
WhatsApp Image 2026-03-13 at 23.19.07 (1)
WhatsApp Image 2026-03-13 at 23.19.06
WhatsApp Image 2026-03-13 at 23.19.06 (2)
WhatsApp Image 2026-03-13 at 23.19.06 (1)
WhatsApp Image 2026-03-13 at 23.19.05
WhatsApp Image 2026-03-13 at 23.19.05 (2)
WhatsApp Image 2026-03-13 at 23.19.05 (1)
WhatsApp Image 2026-03-13 at 23.19.04
WhatsApp Image 2026-03-13 at 23.19.04 (2)
WhatsApp Image 2026-03-13 at 23.19.04 (1)
WhatsApp Image 2026-03-13 at 23.19.03
WhatsApp Image 2026-03-13 at 23.19.03 (3)
WhatsApp Image 2026-03-13 at 23.19.03 (2)
WhatsApp Image 2026-03-13 at 23.19.02
WhatsApp Image 2026-03-13 at 23.19.03 (1)

© 2022 TÜRKSOY - Ähli hukuklar goraglydyr