WhatsApp Image 2025-06-12 at 08.12.43 (3)
12 июня 2025 г.

"Aýtmatow we Surat Dünýesi" sergisi Bişkek şäherinde açyldy

12 июня 2025 г.

"Aýtmatow we Surat Dünýesi" sergisi Bişkek şäherinde açyldy

Gyrgyz edebiýatynyň dünýäde tanalýan wekili Çingiz Aýtmatowyň sungatyny we pikir mirasyny şekillendiriş sungaty bilen birleşdirýän "Aýtmatow we Surat Dünýesi" atly sergi, 2025-nji ýylyň 8-nji iýunynda Bişkek şäherindäki Gapar Aýtýýew Milli Sungat Muzeýinde açyldy.

Bu sergi "Çingiz Aýtmatow – Türki Dünýäsiniň Geljegi" atly halkara forumyň çäklerinde, Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) baştutanlygynda, Çingiz Aýtmatow Instituty hem-de Gyrgyz Respublikasynyň Medeniýet, Maglumat, Sport we Ýaşlar Syýasaty Ministrligi bilen hyzmatdaşlykda geçirildi. Çärä şeýle hem Türki Hyzmatdaşlyk we Utgaşdyryş Agentligi (TİKA), Daşary ýurtlardaky Türkler we Doganlyk Halklar Müdirligi (ÝTB) bilen Ýunus Emre Instituty hem goldaw berdiler.

Çingiz Aýtmatowyň edebi eserlerinden ylham alan birnäçe surat eseri görkezilen serginiň açylyş dabarasynda gysgaça salamlaşyk sözleri aýdyldy. Açylyşda çykyş eden TÜRKSOÝ-yň baş sekretary Sultan Raýew, Aýtmatowyň diňe Gyrgyz halkynyň däl, eýsem tutuş Türki Dünýäsiniň umumy ýatlamasynda orun alandygyny aýtdy. Türkiýe Beýik Millet Mejlisi Samsun şäheriniň deputaty hem-de Çingiz Aýtmatow Institutyň başlygy Prof. Dr. Ylýas Topsakal bolsa, Aýtmatowyň pikir dünýäsiniň diňe geçmişi däl, eýsem geljegi hem ýagtyldýandygyny nygtady.

Dabarada, Azerbaýjanyň halk suratkeşi we professor Dr. Sakit Mammedow bilen birlikde, Çingiz Aýtmatowyň ogly hem-de Çingiz Aýtmatow gaznasynyň başlygy Eldar Aýtmatow hem çykyş edip, Aýtmatowyň sungat bilen bolan gatnaşyklary we galdyran çuň mirasy hakynda gürrüň berdiler.

Serginiň gurnaýjylygyny Gyrgyzystanyň uratkeşler Bileleşiginiň başlygy Žakşybek Junuşew alyp bardy. Açylyş çykyşlaryndan soňra dabaraly görnüşde lenta kesilip, sungaty söýüjiler Aýtmatowyň edebi çuňlugyny görkezýän eserleri synlap görmäge mümkinçilik aldylar.

2025-nji ýylyň 13-nji iýunyna çenli açyk boljak bu manyly sergi, Türki Dünýäsiniň umumy medeni gymmatlyklarynyň biri bolan Çingiz Aýtmatowyň sungatdaky şöhlelenmesini geljek nesillere ýetirmek maksady bilen gurnaldy.

Media galereýasy

WhatsApp Image 2025-06-12 at 08.13.49
WhatsApp Image 2025-06-12 at 08.13.49 (2)
WhatsApp Image 2025-06-12 at 08.13.49 (1)
WhatsApp Image 2025-06-12 at 08.12.43
WhatsApp Image 2025-06-12 at 08.12.43 (9)
WhatsApp Image 2025-06-12 at 08.12.43 (8)
WhatsApp Image 2025-06-12 at 08.12.43 (7)
WhatsApp Image 2025-06-12 at 08.12.43 (6)
WhatsApp Image 2025-06-12 at 08.12.43 (4)
WhatsApp Image 2025-06-12 at 08.12.43 (5)
WhatsApp Image 2025-06-12 at 08.12.43 (2)
WhatsApp Image 2025-06-12 at 08.12.43 (1)
WhatsApp Image 2025-06-12 at 08.12.42

© 2022 TÜRKSOY - Ähli hukuklar goraglydyr